ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlaryna $25 millionlyk ykdysady goldaw berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlaryna $25 millionlyk ykdysady goldaw berer
Donald Lunyň belleýşi ýaly, ABŞ USAID-iň we beýleki hyzmatdaşlarynyň üsti arkaly Türkmenistanyň hususy pudagyna goldaw bermek maksady bilen ýylda 7 million ABŞ dollaryny bölüp berýär.

ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlary üçin iki sany täze maksatnama yglan edip, olaryň birine 25 million ABŞ dollary gönükdiriler. Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetine goldaw bermek üçin niýetlenendir, diýip ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu Türkmenistana sapary boýunça ýekşenbe güni Aşgabatda geçiren metbugat ýygnagynda habar berdi.

Bu maksatnamanyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary zähmet hakly iş orunlaryny döretmek we ýerli harytlaryň halkara bazarlaryna eksport edilmegine ýardam bermekden ybaratdyr.

“Biz bu saparyň çäginde ykdysady hyzmatdaşlyk, söwda gatnaşyklar we daşky gurşaw meselelerine üns bereris” diýip, Donald Lu metbugat ýygnagyň dowamynda aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu 16,5 million ABŞ dollarlyk ikinji maksatnamanyň sebitde azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini mälim etdi.

Şeýle hem ABŞ-ly diplomat kiçi we orta kärhanalaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň özenidigini belledi we USAID-yň üsti bilen durmuşa geçirilýän netijeli işleriň biri hem ýurduň hususy pudagyna maýa goýumlary ýokarlandyrmakdygyny aýtdy.

Donald Lunyň belleýşi ýaly, ABŞ USAID-iň we beýleki hyzmatdaşlarynyň üsti arkaly Türkmenistanyň hususy pudagyna goldaw bermek maksady bilen ýylda 7 million ABŞ dollaryny bölüp berýär.

Şu ýylyň dekabr aýynda ABŞ-nyň ýokary derejeli işewürleri “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň çäginde Türkmenistana gelerler.

2022