Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
2022-nji ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzüm nahallarynyň 3 million düýbüni ekmek bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ählihalk bag ekmek çäresine Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini belläp, ekologik meselä möhüm ähmiýet berilmelidigini, Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň öňe ilerledilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Annageldi Ýazmyradowa köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasynyň güýzki möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzüm nahallarynyň 3 million düýbüni ekmek bellenildi. Şolaryň bir bölegi şu ýylyň ýazynda ekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022