Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda geçiriljek TDG-nyň sammitine gatnaşar

BIZNES TURKMENISTAN

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) sammitine gatnaşar.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda geçiriljek TDG-nyň sammitine Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň Türkiýäniň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada TDG-nyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Türki medeniýeti üçin täze döwür: bilelikdäki galkynyşa we ösüşe tarap” diýen şygar bilen geçiriljek sammitiň dowamynda oňa gatnaşyjylar birnäçe möhüm meseleler boýunça karar bererler. Şeýle hem ykdysadyýet, söwda, ulag we gümrük ugurlary boýunça TDG-nyň taslamalary bilen bagly ylalaşyklary we resminamalary kabul ederler.

Sammitiň ahyrynda guramanyň başlyklygy Türkiýeden Özbegistana geçiriler we sammite gatnaşyjylar Samarkant Jarnamasy bilen bilelikde ençeme resminamalara gol çekerler.

TDG-niň Daşary işler ministrleriniň Geňeşi TDG-nyň sammitiň gün tertibi we onuň dowamynda gol çekiljek resminamalar boýunça jemleýji işleri geçirmek üçin Samarkantda penşenbe güni duşuşar.

2022