Gazagystan, Pakistan TOPH gaz geçirijisi boýunça energiýa hyzmatdaşlygyny maksat edinýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan, Pakistan TOPH gaz geçirijisi boýunça energiýa hyzmatdaşlygyny maksat edinýärler
Pakistanly wekiller Gazagystana Gwadar porty arkaly deňze we Pars aýlagy ýurtlarynyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. (Surat: Gazagystanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy)

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangarin çarşenbe güni Astana şäherinde Pakistanyň hökümetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar duşuşygyň dowamynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň kuwwatyny ulanyp tebigy gazy üstaşyr geçirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistanly işewürler öz gezeginde Gazagystan bilen nebit-gaz, bank, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp geçdiler. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň resmi metbugaty habar berdi.

“Biziň energiýa çeşmelerine bolan islegimiz ýyl-ýyldan artýar. Pakistan bazarynyň mümkinçilikleri uly bolup, ýurduň ilaty 200 milliondan gowrakdyr. Bizde gazylyp alynýan tebigy baýlyklarymyz ýok, emma amatly ulag ulgamymyz we demir ýol infrastrukturamyz bar” diýip, Pakistanyň Federal senagat we önümçilik ministri Saýed Murtaza Mahmud aýtdy.

Mundan başga-da, Pakistanly wekiller Gazagystana Gwadar porty arkaly deňze we Pars aýlagy ýurtlarynyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar duşuşykda gozgalan meseleleri şu ýylyň dekabr aýynda Yslamabatda geçiriljek bilelikdäki Hökümetara komissiýanyň 11-nji mejlisinde içgin ara alyp maslahatlaşmagy ylalaşdylar.

Dünýäniň ikinji uly gaz ýatagy bolan Galkynyşdan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Fazilka şäherine 1800 kilometra uzaýan TOPH gaz geçirijisi arkaly her ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazyň daşalmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022