Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy 11-nji noýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda Samarkant şäherinde geçirildi. Duşuşygyň mowzugy “Türki medeniýeti üçin täze döwür: bilelikdäki galkynyşa we ösüşe tarap” diýen şygar bilen başlady. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
TDG-nyň sammitine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gatnaşdylar.
Şeýle hem Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Türki döwletleriň guramasynyň Parlament assambleýasynyň (TURKPA), Halkara türk akademiýasynyň, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň we bu köptaraplaýyn gurluşyň sekretariatynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkitmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Özbegistanyň Prezidenti her ýyl Halkara Türk Ykdysady Forumyny, şol sanda forumyň çäginde “döwlet we işewürlik” görnüşinde bilelikdäki çäreleri, telekeçileriň ýygnaklaryny we tegelek stollary geçirmegi, şeýle hem amaly netije berjek innowasion taslamalaryň we sergileriň görkezilmegini teklip etdi.
Sammitiň gün tertibiniň dowamynda strategiki ähmiýete eýe bolan ulag pudagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew TDG-nyň agza ýurtlary Owganystanyň parahatçylygynyň ýola goýulmagyna we ykdysady taýdan dikelmegine goşant goşmalydygyny nygtady.
Mundan başga-da, Sammitde syýasat we howpsuzlyk, söwda we maýa goýumlary, ulag, oba hojalygy, energiýa, maglumat tehnologiýasy, syýahatçylyk, innowasiýa we bilim, lukmançylyk, ýaşlar we beýlekilerde ministrlik derejesinde aýratyn komitetleri döretmegiň zerurlygyna ünsi çekildi.
Sammitiň netijesi boýunça guramanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge gönükdirilen Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň Samarkant Jarnamasy kabul edildi.
Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredildi. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan TDG-nyň agzasy bolup, Türkmenistan we Wengriýa bu gurama synçy döwlet hökmünde goşuldy.