Türkmenistan Pakistanyň elektrik energiýa we tebigy gaz zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Pakistanyň elektrik energiýa we tebigy gaz zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler
ICCI-niň Başlygy iki tarapyň söwda haryt dolanşygynda köp sanly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy. (Surat: www.app.com.pk)

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabat Söwda-senagat edarasynda (ICCI) Pakistanyň işewür toparlary bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Pakistanyň elektrik energiýa we gaz zerurlyklaryny kanagatlandyryp biljekdigini aýtdy.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy barada çykyşynyň dowamynda Ilçi Atajan Möwlamow Türkmenistanda elektrik energiýa önümçiliginiň çykdajysynyň azdygyny aýdyp, ýurdyň Pakistanyň barha artýan ilatynyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýardam edip biljekdigini belledi. Bu barada “The Express Tribune” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ICCI-niň Başlygy Ahsan Zafar Bahtawari iki tarapyň söwda haryt dolanşygynda köp sanly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ykdysady gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle hem Ahsan Zafar Bahtawari Pakistanyň we Türkmenistanyň söwda wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan alyş-çalşygyna ýardam bermegiň we iki ýurduň arasyndaky söwdany ösdürmek maksady bilen özara sergileri gurnamagyň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Mundan başga-da, ICCI-niň Başlygy sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada belläp geçip, iki ýurduň arasyndaky ulag hyzmatdaşlyk meselelerini çözmek üçin bilelikdäki ulag we ýük kompaniýasyny döretmegi teklip etdi.

Dünýäniň ikinji uly gaz ýatagy bolan Galkynyşdan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Fazilka şäherine 1800 kilometra uzaýan TOPH gaz geçirijisi arkaly her ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazyň daşalmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022