Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Samarkantda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda TDG-nyň agza döwletlerini ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Biz ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we diwersifikasiýa etmegi isleýäris. Hususan-da, döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlar hakynda gürrüň barýar. Biz olary harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýum serişdeleriniň ýewraziýa giňişligindäki hereketiniň durnukly esasy ulgamy hökmünde görýäris” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow “Senagat kooperasiýasyny, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik kuwwatyny birleşdirmegi, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmagy ykdysady ugurlaryň möhüm bölegi hasaplaýarys” diýip, sammitiň dowamynda eden çykyşynda belledi.
“Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Bu bolsa, häzirki döwürde ählumumy ykdysady ösüşiň meýillerini kesgitleýji hökmünde çykyş edýär” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu işde bar bolan bäsdeşlik artykmaçlygyny peýdalanyp, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri, energetiki ugurlary döretmäge doly hukukly we netijeli gatnaşyjynyň ornuny öz wagtynda hem-de işjeň üpjün etmelidigini belläp, munuň ýakyn geljekde gurama agza döwletleriň umumy möhüm wezipelerine öwrülmegine ynanýandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-nyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.