Noýabr II hepde: eksport geleşikleri $10 milliondan gowrak boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr II hepde: eksport geleşikleri $10 milliondan gowrak boldy
BAE-den gelen telekeçiler 7 million 582 müň manada barabar bolan dürli görnüşli nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 10 million 265 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň we BAE-niň işewür toparlaryň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen esas ýaglaryny we nebit koksuny satyn aldylar.

BAE-den gelen telekeçiler 7 million 582 müň manada barabar bolan dürli görnüşli nah ýüplügini satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satyn alnan nah ýüplügi Türkmenistanyň Dokma senagat ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürildi.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri plastik poddony satyn almak üçin geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy 4 million 123 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepde TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

2022