Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri bilen “gaz merkezini”maslahatlaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Liderleri bilen “gaz merkezini”maslahatlaşar
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Stambul şäherinde geçiren metbugat ýygnagy, 2022-nji ýylyň 13-nji noýabry (Surat: aa.com.tr)

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan dekabr aýynyň başynda Aşgabat şäherine amala aşyrjak  saparynyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlary bilen Türkiýede gaz merkeziniň döredilmegini maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada “Ria” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ozal Türkiýede gaz merkezini döretmek meselesini içgin we tiz arada öwrenmegi öz ýurtlarynyň degişli edaralaryna tabşyrdylar. Türkiýede gaz merkeziniň döredilmegi arkaly Russiýa “Demirgazyk akymlarynyň” üsti bilen Gara deňiz sebitine we Türkiýä gazy üstaşyr geçirip biler. Şeýle hem Rejep Taýyp Ärdoganyň aýtmagyna görä, Ýewropa Türkiýäniň üsti bilen rus gazyny alyp biler.

“Geljek aýyň başynda, Türkmenistana amala aşyrjak saparymyň dowamynda bu meseläni (gaz merkeziniň taslamasynyň meselesini) Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Liderleri bilen ara alyp maslahatlaşmak isleýärin. Bu ugurda gowy netijeleriň gazanylmagyny umyt edýärin” diýip, Türkiýäniň Prezidenti Stambulda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Demirgazyk akymy” gaz geçirijisinde adaty bolmadyk bozulmalardan soň, Türkiýede gaz merkezini döretmek teklibini hödürledi. Häzirki wagtda bu taslama ara alnyp maslahatlaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022