Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamany uzaltmaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamany uzaltmaga taýýar
Iki ýurduň wekilleri türkmen elektrik energiýasyny Jawzjan welaýatynyň Homab we Karkin etraplaryna ibermek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: "The Kabul times")

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mullah Abdul Latif Mansur bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Owganystana türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamany uzaltmaga taýýardygyny aýtdy. Bu barada Owganystanyň “The Kabul Times” gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygyny we Owganystanyň türkmen elektrik energiýasyny import etmek boýunça maksatnamasynyň dowam etdirilmegi we onuň ösdürilmedi boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň wekilleri türkmen elektrik energiýasyny Jawzjan welaýatynyň Homab we Karkin etraplaryna ibermek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan we Owganystan 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda “Nur-ul-Jahad” podstansiýanyň kuwwatyny 110 kilowatdan 220 kilowada çenli artdyrmak boýunça şertnama gol çekdiler.

2022