Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
Taraplar bu Guramanyň konwensiýalarynyň we teklipleriniň düzgünlerine doly laýyklykda pagta pudagynyň Türkmenistanda mynasyp işlemegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça pikirleri we teklipleri paýlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sişenbe güni Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary Departamentiniň direktory Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol geçirildi. Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň HZG bilen pagta pudagynda mynasyp iş üpjün etmek ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapyndan tegelek stola Daşary işler ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Kärdeşler arkalaşyklary ýaly 14 ministrligiň we edaralaryň başlyklarynyň orunbasarlary hem-de wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugaty habar berdi.

Gepleşikleriň barşynda, Türkmen tarapynyň wekilleri we Halkara Zähmet Guramasynyň halkara bilermenleri bu Guramanyň konwensiýalarynyň we teklipleriniň düzgünlerine doly laýyklykda pagta pudagynyň Türkmenistanda mynasyp işlemegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça pikirleri we teklipleri paýlaşdylar.

Şeýle pikir alyşma türkmen tarapyna Halkara Zähmet Guramasynyň hünärmenleriniň bu meselede Türkmenistan bilen baglanyşykly garaýyşlary bilen tanyşmaga, Türkmenistanyň mümkinçiliklerini we zerurlyklaryny paýlaşmaga we taslamanyň wezipeleriniň ugurlaryny hukuk we amaly nukdaýnazardan kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Halkara Zähmet Guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň agentligi bolup, ol halkara zähmet standartlaryny kesgitlemek arkaly durmuş-ykdysady adalaty ösdürmek ugrunda işleýär.

Halkara Zähmet Guramasy 1919-njy ýylda döredilip, oňa 187 döwlet agzadyr. Bu guramanyň merkezi edara binasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär we onuň dünýäde 40-a golaý edarasy bar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022