Eýranyň nebit kompaniýalary Türkmenistanda geçiriljek sergä gatnaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň nebit kompaniýalary Türkmenistanda geçiriljek sergä gatnaşarlar
Aşgabatda geçiriljek sergä Eýranyň nebithimiýa kompaniýalary, enjam öndürijileri, döwlete degişli we degişli bolmadyk kompaniýalary hem-de beýleki eýran guramalary gatnaşarlar.

Eýranyň nebit kompaniýalary dekabr aýynyň ortasynda Türkmenistanda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň sergisine işjeň gatnaşarlar diýip, Eýranyň Nebit ministrliginiň “Shana” metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Sergi Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Habarda bellenilişi ýaly, sergä Eýranyň nebithimiýa kompaniýalary, enjam öndürijileri, döwlete degişli we degişli bolmadyk kompaniýalary hem-de beýleki eýran guramalary gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň nebit ministri Jawad Owji çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

2022