Durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny, täze ýaşaýyş jaýlaryny hem-de gozgalmaýan emläkleri satyn almaklary üçin karzlary bermegiň tertibine üýtgetmeler girizildi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň bu barada çykaran degişli buýrugy hasaba alyndy we Adalat ministrliginiň resmi internet sahypasynda noýabr aýynyň başynda çap edildi.
Üýtgetme girizilen tertipnama laýyklykda Türkmenistanda durmuş guran ýaş maşgalalar zamunlyk esasynda 3 ýyl möhlet bilen ýyllyk 1%-li 20 müň manada çenli karz pul şerişdesinden peýdalanyp bilerler.
Bu karzy 35 ýaşa ýetmedik we nikasy 2011-nji ýylyň 3-nji sentýabryndan öň hasaba alynmadyk ýaş maşgalalar alyp bilerler.
Ýaş maşgalalar Türkmenistanyň karz edaralaryna ýeňillikli karzlary almak üçin ýüz tutanlarynda gerek bolan esasy resminamalar:
- karz alyjynyň ýüz tutan karz edarasynyň başlygynyň adyna karz sorap ýazan arzasy;
- karz alyjynyň we onuň ýan ýoldaşynyň pasport göçürmeleri;
- nika barada şahadatnamanyň göçürmesi;
- karz alyjynyň iş ýerinden kepilnama (işleýändigi we aýlyk haky baradaky);
- karz alyjynyň soňky 12 aý zähmet haky boýunça kepilnama (aýma-aý görnüşinde);
- zähmet depderçesiniň göçürmesi (möhür bilen tassyklanan görnüşinde);
- karz alyjynyň we onuň ýan ýoldaşynyň 16 ýaşyndan şu güne çenli nikadan geçmändigi barada güwanama;
- iki zamun durujynyň pasport göçürmesi, iş ýerlerinden kepilnama (işleýändigi we aýlyk haky baradaky), soňky 12 aý zähmet haky boýunça kepilnama, zähmet depderçesiniň göçürmesi (möhür bilen tassyklanan görnüşinde).
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de has-da gowulandyrmak maksady bilen ýeňillikli karzlaryň möçberini köpeltmek boýunça Karara gol çekipdi.