Türkmen ilçisi Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegi maslahatlaşdy
Resmiler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna ulgamlaýyn çemeleşmek, iki tarapyň işewürlerini jemleýän forumlary we tegelek stollary ýygy-ýygydan geçirmegä şert döretmek boýunça ylalaşdylar.

Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda söwda-ykdysady, oba hojalygy, işewürlik we daşky gurşawy goramak boýunça gatnaşyklary ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Ýewropa Komissiýasynyň Söwda boýunça Baş Müdiriýetiniň Ýakyn Gündogar, Merkezi Aziýa, Russiýa we Türkiýe boyunça müdiri Leon Delwonyň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň edara binasynda penşenbe güni geçirildi.

Duşuşykda Sapar Pälwanow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze mümkinçilikleriň üstünde işlemäge ygrarlydygyny aýdyp, söwda hyzmatdaşlygyny has hem ýokary derejä çykarmakda iki tarapyň hem doly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

Ilçi Sapar Pälwanowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine aýtmagyna görä, Leon Delwo aýdylanlary makullap, Ýewropa kompaniýalarynyň hem türkmen bazaryna girmäge we işewürlik hyzmatdaşlygyny alyp barmaga isleg bildirýändiklerini tassyklady.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Leon Delwo daşky gurşawy goramak, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny we Ýewropanyň bu ugurlarda uly tejribesiniň bardygyny belledi. Ol ÝB-niň Türkmenistan bilen bular boýunça hyzmatdaşlyk alyp barmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Türkmen diplomaty hem öz gezeginde Türkmenistanda bu ugurlar boýunça birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny we degişli çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Leon Delwo Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady, oba hojalygy, energetika, şeýle-de “ýaşyl” energetika ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçiliginiň bardygyny öňe sürdi.

Resmiler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna ulgamlaýyn çemeleşmek, iki tarapyň işewürlerini jemleýän forumlary we tegelek stollary ýygy-ýygydan geçirmegä şert döretmek boýunça ylalaşdylar. Leon Delwo ýakyn geljekde şeýle işewürlik çärelerini Brýusselde geçirmegi teklip etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen ilçisi Ýewropa Bileleşiginiň söwda-ykdysady gatnaşyklarda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy.

2022