Türkiýe energiýa ýetmezçiligi döwründe türkmen gazynyň ulanylmagynyň ähmiýetini belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe energiýa ýetmezçiligi döwründe türkmen gazynyň ulanylmagynyň ähmiýetini belledi
Saparyň çäginde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistan Hökümetiniň resmileri bilen birnäçe duşuşyklary geçirer we Türkmenistanyň Parlametinde çykyş eder.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda habarçylara Ýewropada energiýa ýetmezçiligi döwründe türkmen gazyny işe girizmegiň möhümdigini aýtdy.

Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky Türkiýäniň parlament wekiliýeti penşenbe güni Aşgabat şäherine geldi. Aşgabat halkara howa menzilinde türk wekiliýetini Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew we Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral garşy aldylar. Bu barada Türkiýäniň “Anadoly agency” agentligi habar berdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy habarçylar bilen söhbetdeşliginiň dowmynda Ýewropa uzaýan energiýa geçiriji ulgamlaryndaky howpsuzlyk meselelerine ünsi çekip, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa uzaýan energiýa geçiriji ulgamlarynyň möhümdigini aýtdy.

Mustafa Şentopyň aýtmagyna görä, Azerbaýjan ýaly birnäçe ýurtlar Ýewropa iberýän tebigy gazynyň möçberini artdyrmak kararyna geldiler.

Şeýle hem Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew resmi sapar bilen Türkmenistana geljekdiklerini we üç taraplaýyn energiýa ylalaşygyny baglaşmak üçin gepleşikler geçirjekdiklerini aýtdy.

Saparyň çäginde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistan Hökümetiniň resmileri bilen birnäçe duşuşyklary geçirer we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde çykyş eder.

2022