Wepa Hajiýew Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili Žosep Borrel bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wepa Hajiýew Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili Žosep Borrel bilen duşuşdy
Duşuşyk ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça halkara maslahatyň çäginde geçirildi. (Surat: Žosep Borreliň "Twitter" sahypasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žosep Borrel bilen anna güni Samarkantda duşuşdy.

Duşuşyk ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça halkara maslahatyň çäginde geçirildi.

Žosep Borreliň "Twitter" sahypasynda berlen maglumata görä, duşuşykda Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitlerine oňyn täsir etjek “ýaşyl” energetikany we sanly tehnalogiýalary işe girizmek boýunça ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň wajyplygy maslahatlaşyldy.

“Biz metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge ygrarly” diýlip, Žosep Borreliň "Twitter" sahypasynda bellenilýär.

Žosep Borrel ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça halkara maslahatyň açylyş dabarasynda Ýewropa Bileleşiginiň geljek dört ýylyň içinde Merkezi Aziýadaky ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalar üçin grant hökmünde 300 million ýewro bölüp berjekdigini aýtdy.

2022