Noýabr III hepde: eksport geleşikleri $27 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Noýabr III hepde: eksport geleşikleri $27 milliondan geçdi
Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 27 million 46 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Şeýle hem BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri uçar kerosini we gidrousulda arassalanan ýangyjy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan uçar kerosini we gidrousulda arassalanan ýangyjy “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň telekeçileri boýalan nah ýüplügi we tüýjümek önümleri satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 39 million 500 müň manada barabar boldy.

Geçen hepdede TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022