Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen BAE-ne bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen BAE-ne bardy
Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy BAE-niň degişli wekili, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy BAE-niň degişli wekili, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Soňra howa menziliniň “Prezident” terminalynyň hormatly myhmanlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we BAE-niň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda giňeldilen hem-de ikiçäk düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar.

Şeýle hem günüň ikinji ýarymynda Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurduň beýleki resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

2022