Abu-Dabi şäherinde Türkmenistan - BAE işewürlik maslahaty geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Abu-Dabi şäherinde Türkmenistan - BAE işewürlik maslahaty geçirildi
Maslahatyň çäginde geçirilen sergide “Türkmenistanda öndürildi” ýazgyly dokma, haly, gurluşyk, elektronika, konditer önümleri we beýleki harytlar görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sişenbe güni Abu-Dabi şäherindäki “St.Regis Abu Dhabi” myhmanhanasynda Türkmenistan - BAE işewürlik maslahaty hem-de onuň çäginde sergi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzy myhmanhananyň esasy girelgesinde BAE-niň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui garşyladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistan - BAE işewürlik maslahatyna türkmen tarapyndan Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, hususy telekeçiler gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy mynasybetli çykyşynda maslahatyň uly wekilçilikli düzümine BAE-niň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistana aýratyn gyzyklanma bildirilýändiginiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalşylýandygynyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýdyp, işewürlik ugurly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynda gazanylan netijeler we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durup geçdi.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda elektrik energetikasy, kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, dokma pudagy, ylmy köp talap edýän we innowasion önümçilikler, şähergurluşyk, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ýaly pudaklarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Işewürlik maslahaty BAE-niň işewürler bileleşiginiň Türkmenistanyň halkara turba geçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmäge, gazhimiýa senagatyny, ulag-üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, senagat kooperasiýasy, “ýaşyl” energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksatly geçirildi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra taraplar birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

Maslahatyň çäginde geçirilen sergide “Türkmenistanda öndürildi” ýazgyly dokma, haly, gurluşyk, elektronika, konditer önümleri we beýleki harytlar görkezildi.

2022