Türkmenistanda zähmet haklarynyň we kömek pullarynyň möçberleriniň has artdyrylmagyna serediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda zähmet haklarynyň we kömek pullarynyň möçberleriniň has artdyrylmagyna serediler
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy adamlar hakynda alada etmek üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10% ýokarlandyrmak boýunça soraga ýene-de bir gezek seretmegiň wajypdygyny aýtdy.

Mejlisiň dowamynda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyna üns jemlenip, oňa Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýyl 10 göterim artdyrylýandygyny belledi. Şeýle hem bu işiň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy we ähli derejedäki ýolbaşçylaryň bu ugra aýratyn üns bermelidiklerini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda: “Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?” diýen sowallaryň ýüze çykýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adamlar hakynda alada etmek üçin Türkmenistanda ähli mümkinçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini belledi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäginde 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3 manada çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022