Türkmenistanda “Awaza” syýahatçylyk zolagy üçin ýörite wiza tertibiniň girizilmegi meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Awaza” syýahatçylyk zolagy üçin ýörite wiza tertibiniň girizilmegi meýilleşdirilýär
Iş maslahatynyň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda halkara kadalara laýyklykda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy üçin ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleriniň öwrenilmegi meýilleşdirilýär.

Bu başlangyjy Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda öňe sürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak, migrasiýa, gümrük ugurlarynyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen teklip edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow häzirki wagtda ekologik, tebigy we lukmançylyk syýahatçylygynda, medeni syýahat ugurlarynda mümkinçilikleri artdyrmak we olary ulgamlaýyn esasda giňeltmek üçin 2023-nji ýylyň dowamynda bu ugurlar boýunça halkara guramalar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýörite tejribe alyşmak boýunça geňeşmeleri guramagyň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna jahankeşdeleri işjeň çekmek üçin bu ýerde zerur bolan häzirki zaman düzümleriniň, şol sanda ösen ulag we logistika ulgamynyň döredilmegine üns bermelidigini belledi.

Balkan welaýatynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022