Türkmenistan-Eýran serhedindäki Sarahs geçelgesinde ýük awtoulaglaryň gatnawy üç esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Eýran serhedindäki Sarahs geçelgesinde ýük awtoulaglaryň gatnawy üç esse artdy
COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler ýatyrylandan soňra Türkmenistanyň ýük awtoulaglary Eýran serhedinden geçip başlady.

Türkmen-Eýran serhedindäki Sarahs geçelgesinden her gün geçýän ýük awtoulaglaryň sany sentýabr aýynda 200-e deň boldy we bu görkeziji oktýabr aýynda 600-e ýetdi. Bu barada Eýranyň Sarahs şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Hasan Nurizadeniň aýdanlaryna salgylanyp, "Iran Front Page" habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.

COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler ýatyrylandan soňra Türkmenistanyň ýük awtoulaglary Eýran serhedinden geçip başlady.

Hasan Nurizadeniň aýtmagyna görä, türkmen hökümeti öz çäklerinden geçýän eýran ýük awtoulaglarynyň bir tonna-kilometri üçin 1,5 ABŞ dollary möçberdäki pajy aýyrdy we Sarahs serhet geçelgesiniň iş sagadyny köpeltmäge çagyrdy.

Şeýle hem Hasan Nurizade Sarahs serhet geçelgesinden geçýän ýük awtoulaglaryň ýarysyndan gowragynyň Eýrana we galanynyň bolsa Türkiýe ýaly beýleki ýurtlara degişlidigini aýtdy.

Şu ýylyň 7-nji noýabryndan başlap daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjileri üçin Türkmenistanyň birnäçe gözegçilik-geçiriş nokatlary açyldy.

2022