TDHÇMB-nyň söwdalarynda $16,9 millionlyk geleşikler baglaşyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-nyň söwdalarynda $16,9 millionlyk geleşikler baglaşyldy
Owganystandan we BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 12,8 million ABŞ dollaryna deň bolan L-0,2-62 kysymly dizel ýangyjynyň 14 müň 900 tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçiren söwdalarynda suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, dürli görnüşli nah ýüplüklerini we şepbeşik nebit ýol bitumyny satmak boýunça 28 geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň umumy bahasy 16,9 million ABŞ dollaryna we 3 million manada deň boldy.

Owganystandan we BAE-den gelen işewürler jemi bahasy 12,8 million ABŞ dollaryna deň bolan L-0,2-62 kysymly dizel ýangyjynyň 14 müň 900 tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri suwuklandyrylan gazyň 7 müň 950 tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümiň her bir tonnasynyň bahasy 475 ABŞ dollaryna barabar boldy. Geleşikleriň umumy bahasy 3,7 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Mundan başga-da, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna dürli görnüşli nah ýüplükleriň 100 müň kilogramyny, manat serişdesine bolsa bu önümiň 32 müň 400 ýüz kilogramyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 235 müň 400 ABŞ dollaryna we 1,9 million manada barabar boldy.

Içerki bazar üçin türkmen işewürleri umumy bahasy 2 million manada deň bolan şepbeşik nebit ýol bitumynyň 1 müň tonnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

TDHÇMB-da geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 27 million 46 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022