Türkmenistanda kimler goşulan baha üçin salgydy töleýärler?

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanda kimler goşulan baha üçin salgydy töleýärler?
Edara görnüşli taraplar we şahsy taraplar - hususy telekeçiler, şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasynda görkezilen salgyt salynýan amallary geçiren halatlarynda goşulan baha üçin salgydy töleýjiler bolup durýarlar.

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanunynynyň 95-nji maddasyna laýyklykda goşulan baha üçin salgydy töleýjiler şulardan ybaratdyr:

  • Edara görnüşli taraplar we şahsy taraplar - hususy telekeçiler, şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasynda görkezilen salgyt salynýan amallary geçiren halatlarynda goşulan baha üçin salgydy töleýjiler bolup durýarlar.

Şeýle hem şu aşakdakylar goşulan baha üçin salgydy töleýjiler bolup durmaýarlar:

  • Türkmenistanyň Merkezi banky;
  • Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky” Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan taraplar. Şunuň ýaly taraplar nebit işlerine degişli bolmadyk salgyt salynýan amallary geçiren halatlarynda olara şu maddanyň 1-nji bölüminiň güýji degişli bolýar;
  • hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplar;
  • hususy telekeçiler, ýönekeýleşdirilen salgyt salmak ulgamy degişli bolan iş boýunça.

Çeşme: “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanuny

2022