Türkmenistanda görnetin galp mahabatyň peýdalanylandygy üçin administratiw jerime salnyp başlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda görnetin galp mahabatyň peýdalanylandygy üçin administratiw jerime salnyp başlanar
Bu kanun Türkmenistanyň resmi metbugatynda duşenbe güni çap edildi we 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine görnetin galp mahabat boýunça 3121-nji madda goşuldy. Bu madda laýyklykda betnebislik bähbitlerinden ugur alnyp, görnetin galp maglumaty peýdalanаndygy üçin fiziki şahslara, wezipeli adamlara we ýuridiki şahslara jerime salynar.

3121-nji madda şu ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda goşuldy. Bu kanun Türkmenistanyň resmi metbugatynda duşenbe güni çap edildi we 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.

Bu madda laýyklykda, ep-esli möçberde zyýan ýetirip, harytlar, işler ýa-da hyzmatlar babatdaky, şeýle hem olary taýýarlaýjylar (ýerine ýetirijiler, satyjylar) babatdaky mahabat betnebislik bähbitlerinden ugur alnyp, görnetin galp maglumatyň peýdalanylmagy, aşakdaky jerimeleriň salynmagyna sebäp bolýar:

  • fiziki şahslara – binýatlyk mukdaryň otuzysyndan ellisine çenli möçberde;
  • wezipeli adamlara – binýatlyk mukdaryň kyrkysyndan altmyşysyna çenli möçberde;
  • ýuridiki şahslara — binýatlyk mukdaryň ellisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde.

Türkmenistanda jerime töleginiň binýatlyk mukdary 100 manatdyr.

2022