Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Sultan Raýew hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň bu halkara guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawyna we onuň dünýäde türki halklaryň örän baý medeni mirasyny wagyz etmäge goşýan goşandyna TÜRKSOÝ-yň ýokary baha berýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz taryhy, medeni gymmatlyklaryň umumylygy bilen dost-doganlyk halklaryny birleşdirýän bu guramanyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatlara laýyk gelýän netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljek ýylda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyny bellemek hem-de 2024-nji ýylda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary netijeli duşuşyk üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň diňe bir türki dünýäniň däl, tutuş dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda-da ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn çemeleşmeleri görkezýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz we Sultan Raýew TÜRKSOÝ-yň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna, sebit we ählumumy derejede netijeli medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.