Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda ýerleşýän Saglyk öýüniň durkunyň düýpli abatlanyp berilmegi we medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly resmi çäre geçirildi.
Bu çäre Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň gurnamagynda şenbe güni Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Ynsanperwer kömegi hökmünde geçirilen dabaraly çärä Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy, Farýab welaýatynyň Garamgol, Gorgan, Andhoý we Hançarbag etraplarynyň häkimleri, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşaýjylary hem-de abraýly ýaşulylary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümetiniň Owganystanyň halkyna yzygiderli berilýän dürli ynsanperwer kömekleri üçin çäksiz hoşallyklaryny belläp, owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdiler.
Şeýle hem Saglyk öýünde dabara gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda sadaka berildi. Soňra Garamgol etrap bilim bölüminiň başlygy Mahmut han Abdylla oglyna, etrabyň mekdeplerinde türkmen dili sapaklarynda gollanma hökmünde peýdalanmaklary maksady bilen 1-4-nji synplar üçin niýetlenen okuw kitaplary gowşuryldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabyndaky durky düýpli abatlanyp berlen Saglyk öýi 2009-njy ýylyň awgust aýynda açyldy.