Türkmenistan demir ýol konteýner ýük gatnawlary boýunça Ylalaşyga goşulyşmakçy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistan demir ýol konteýner ýük gatnawlary boýunça Ylalaşyga goşulyşmakçy
Bu Ylalaşyga goşulmak demir ýollar arkaly konteýnerli daşamalarda üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, bäsdeş nyrhlary düzgünleşdirmek we amatly logistikany ýola goýmak maksady bilen öňe sürüldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna goşulyşmak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Bu Ylalaşyga goşulmak demir ýollar arkaly konteýnerli daşamalarda üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, bäsdeş nyrhlary düzgünleşdirmek we amatly logistikany ýola goýmak maksady bilen öňe sürüldi.

Mämmethan Çakyýewiň belleýşi ýaly, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň Halkara gatnawlarda konteýner otly düzümlerinde konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşygyna milli daşaýjy “Demirýollary” AGPJ-niň goşulmagynyň maksadalaýykdygy öwrenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu pudagy ösdürmek, Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde dürli halkara ylalaşyklara goşulmak bilen baglanyşykly meseleleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmagyň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky meseleleri içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe meselelere garaldy we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

2022