Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-rus topary dörediler

BIZNES TURKMENISTAN
Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-rus topary dörediler
Türkmen-rus bilelikdäki toparynyň döredilmegi Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýanyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda meýilleşdirilýär.

Türkmenistan we Russiýa ulag, üstaşyr hem-de logistika meseleleri boýunça bilelikdäki toparynyň döredilmegi boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu ugurda alnyp barylýan çäreler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mämmethan Çakyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag we üstaşyr çygrynda hyzmatdaşlyk barada düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda hem-de ýolagçylary, ýükleri ikitaraplaýyn we üstaşyr gatnatmak, logistikany ösdürmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan topary döretmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Russiýany baglanyşdyrýan ulag ugurlarynyň strategik ähmiýetine ünsi çekip, bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe meselelere garaldy we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

2022