Türkiýe-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan demir ýol ugry boýunça ýük daşamalary başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan demir ýol ugry boýunça ýük daşamalary başlandy
Kyrk wagonly ilkinji otly hojalyk tehnikalaryny, şol sanda sowadyjy enjamlaryny daşady.

Türkiýe-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan demir ýol ugry boýunça ilkinji ýük daşamalaryň başlanmagy mynasybetli şenbe güni Daşkent şäheriniň Merkezi demir ýol menzilinde ýük otlusyny garşylamak bilen bagly çäre geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Milli Maglumat Gullugy (UzA) habar berdi.

Dabara “Uzbekiston temir yullari” PJ-niň geňeşiniň Başlygy Husnutdin Hasilow, Türkiýäniň Özbegistandaky Ilçisi Olgan Bekar, Türk Demir ýollarynyň wekilleri we harytlaryny bu demir ýol arkaly Özbegistana getiren işewürler gatnaşdy.

“Uzbekiston temir yullari” Paýdarlar jemgyýeti türk tarapy bilen bilelikde Izmir şäheriniň Gumruh menzilinden Daşkent şäherine çenli ýük daşamasyny ýola goýdy. Kyrk wagonly ilkinji otly hojalyk tehnikalaryny, şol sanda sowadyjy enjamlary daşady.

“Uzbekiston temir yullari” PJ-niň metbugat beýanatyna görä, 4500 kilometrden gowrak bolan bu demir ýoly özbek işewürleri üçin Türkiýä harytlaryny ibermäge we ol ýerden harytlary getirmäge iň tiz hem-de amatly ýol bolar. Şeýle hem beýanatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugur boýunça ýene 250-den gowrak ýük wagonynyň Özbegistana gelmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022