Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, “UGT Renewables” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiç hem-de “Climate Compass” kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýms bilen duşuşyk geçirdi.

Myhmanlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdiler we ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz amerikan işewürliginiň wekillerini mübärekläp, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleri we türkmen bazarynda işlemäge bolan islegleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda işlemäge ýöriteleşen “UGT Renewables” kompaniýasynyň işewürler geňeşine goşulmagyny goldady. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz Gün energetikasy ulgamynda kompaniýanyň uly tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň onuň bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga açykdygyny belledi.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda nebitgaz pudagynda iri möçberli düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylýandygyny aýdyp, munuň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny, şol sanda “Climate Compass” kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.

Myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täzeçillikleri işjeň ornaşdyrmaga, iň oňat dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen ykdysady syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022