Türkmenistan bilen Azerbaýjan hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Azerbaýjan hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
Taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň ykdysady, ulag we ynsanperwer ýaly dürli ugurlarda üstünlikli ösýändigini nygtadylar.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşenbe güni Bakuda geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alyşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň ykdysady, ulag we ynsanperwer ýaly dürli ugurlarda üstünlikli ösýändigini nygtadylar. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi.

Taraplar Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň şu ýyl Türkmenistana eden saparynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň ähmiýetini bellediler.

Şeýle-de Raşid Meredow Azerbaýjana saparynyň çäginde Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşyk geçirdi.

Mikail Jabbarow öz "Twitter" sahypasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini, ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýluldy. Iki ýurduň arasynda jemi 108 resminama gol çekildi. 2021-nji ýylda türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy 105 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022