Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Russiýa uzaýan täze ulag geçelgesiniň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Russiýa uzaýan täze ulag geçelgesiniň üstünde işleýär
Gyrgyz ministri Russiýanyň bu ulag geçelgesini gämiler bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Ulag we Aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýewiň 1-3-nji dekabr aralygynda Türkmenistana eden saparynyň çäginde Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa uzaýan täze multimodal ulag geçelgesini açmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tilek Tekebaýew Türkmenistana saparynyň çäginde penşenbe güni “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Başlygy Annadurdy Kösäýew bilen duşuşyk geçirdi. Şeýle hem Gyrgyzystanyň Ulag we Aragatnaşyk ministri anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen duşuşdy.

Täze ulag geçelgesiniň ýerüsti bölegi Gyrgyzystandan Özbegistana uzap, Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çenli dowam eder. Soňra bolsa ýükler Hazar deňziniň üsti bilen Russiýanyň Astrahan portuna daşalar. Bu barada Gyrgyzystanyň Ulag we Aragatnaşyk ministrligi sişenbe güni habar berdi.

Gyrgyz ministri Russiýanyň bu ulag geçelgesini gämiler bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Tilek Tekebaýewiň aýtnmagyna görä, ilkibaşda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Astrahan portuna her gün 50-60 gyrgyz ýük awtoulaglaryny daşamak, soňky tapgyrlarda bolsa ýük daşamagyň ugurlaryny giňeltmek we konteýner daşamalaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Türkmen tarapy Gyrgyzystanyň täze ulag geçelgesini ýola goýmak teklibini goldady we üstaşyr geçirilýän ýükleriň port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhnamalary göz öňünde tutmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle-de Annadurdy Kösäýew Gyrgyzystandan haryt getirmek üçin birnäçe täze ugurlary teklip etdi.

Mämmethan Çakyýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Russiýa uzaýan geçelge boýunça Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan we Russiýa arasynda Ähtnamana baglaşmak, Türkmenistanyň çäginden geçýän gyrgyz ýük awtoulaglaryndan alynýan tölegleri, şeýle hem olaryň wiza meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022