Türkiýe: Ýewropa energiýa ugratmak meselesi Awazadaky mejlisiň esasy mowzugy bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe: Ýewropa energiýa ugratmak meselesi Awazadaky mejlisiň esasy mowzugy bolar
Ibrahim Kalyn türki dünýäsinde uly energiýa çeşmeleriniň bardygyny belläp, dünýädäki energiýa we azyk ýetmezçiligi döwründe Türki dünýäsiniň we Merkezi Aziýanyň ähmiýetiniň barha artjakdygyny aýtdy.(Surat: “Anadolu” agentligi)

Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisi Merkezi Aziýadan Ýewropa energiýa serişdelerini ugratmak boýunça geçelge döretmek üçin esasy meýdança bolar. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat sekretary Ibrahim Kalyniň aýdanlaryna salgylanyp, “Anadolu” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Ibrahim Kalyn türki dünýäsinde uly energiýa çeşmeleriniň bardygyny belläp, dünýädäki energiýa we azyk ýetmezçiligi döwründe Türki dünýäsiniň we Merkezi Aziýanyň ähmiýetiniň barha artjakdygyny aýtdy.

Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, türki Döwletleriniň Baştutanlarynyň başlangyçlary netijesinde soňky 10-15 ýylyň dowamynda energiýa infrastrukturasynyň esasy bölegi emele geldi.

Şeýle hem Ibrahim Kalyn Trans-Anadoly tebigy gaz geçirijisiniň (TANAP) diňe bir Azerbaýjanyň gazyny Ýewropa daşamakda däl, eýsem geljekde Türkmenistanyň we Gazagystanyň energiýasyny hem dünýä bazarlaryna ýetirmekde möhüm orny eýelejekdigini aýtdy.

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisi 14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda üç ýurduň daşary işler, ulag we energiýa ministrleriniň gepleşikleri hem geçiriler.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ozal Türkmenistanda geçiriljek üçtaraplaýyn mejlisiň dowamynda Ýewropa tebigy gaz daşamak üçin Türkiýede gaz merkeziniň döredilmegini maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

2022