TDHÇMB-da penşenbe güni $17,9 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TURKMENISTAN
TDHÇMB-da penşenbe güni $17,9 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Owganystandan gelen işewür toparlar 11 million 950 müň 535 ABŞ dollaryna barabar bolan ТС-1 görnüşli uçar kerosininiň 15 müň 430 tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda jemi bahasy 17 million 921 müň 360 ABŞ dollaryna deň bolan uçar kerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy, ýüplük we portlandsement satyldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Owganystandan gelen işewür toparlar 11 million 950 müň 535 ABŞ dollaryna barabar bolan ТС-1 görnüşli uçar kerosininiň 15 müň 430 tonnasyny, şeýle hem 3 million 490 müň ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň 4000 tonnasyny satyn aldylar. Söwdalarda satylan uçar kerosininiň bir tonnasynyň bahasy 774,50 ABŞ dollaryna, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy bolsa 872,5 ABŞ dollaryna deň boldy.

Mundan başga-da, owgan işewüri 400 müň ABŞ dollaryna deň bolan portlansemendiň 10 müň tonnasyny satyn aldy. TDHÇMB-nyň söwdalarynda ýerlenen bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 40 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle-de BAE-niň telekeçileri tonnasynyň bahasy 774,25 ABŞ dollaryna deň bolan ТС-1 görnüşli uçar kerosininiň 2500 tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 935 müň 625 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkiýäniň işewürleri daşary ýurt puluna ýüplügiň 52 müň 800 kilogramyny, manat serişdesine bolsa bu önümiň 35 müň 200 kilogramyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 145 müň 200 ABŞ dollaryna we 1 million 584 müň manada deň boldy.

TDHÇMB-da geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 18 million 454 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022