“Döwlet gurluşyk” HJ Täjigistanda orta mekdebiň binalar toplumyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Döwlet gurluşyk” HJ Täjigistanda orta mekdebiň binalar toplumyny gurar
Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň “Ergeş Sultanow” daýhan birleşiginde guruljak bu mekdep Magtymguly Pyragynyň adyny göterer.

“Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Täjigistanyň Hatlon welaýatynda 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasyna orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak üçin “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, bu mekdep doganlyk täjik halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen gurlar.

Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň “Ergeş Sultanow” daýhan birleşiginde guruljak bu mekdep Magtymguly Pyragynyň adyny göterer.

Şeýle hem gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we mekdebiň binalar toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni gol çeken ýene bir Kararyna laýyklykda “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurar.

Şeýle-de Döwlet Baştutanymyz köp ýyllardan bäri döwletimiziň diplomatik gullugyň işini kämilleşdirmek üçin ähli zerur işleri edýändigini, ony işgärler bilen berkidýändigini, maddy-tehniki we maliýe taýdan üpjün edýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti aýdylanlary dowam edip, “Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022