Türkmenabat şäherinde 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabat şäherinde 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy
Ýaşaýyş jaýlar toplumynyň ýanynda sport meýdançasy, şeýle hem çagalar üçin döwrebap oýun meýdançasy, dürli dabaralary, toýlary geçirmek üçin bassyrmalar gurlupdyr.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy açylyp ulanylmaga berildi.

Ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze toplum 96 gektara barabar bolup, ol 32 öýli dört gatly 40 sany ýaşaýyş jaýdan ybaratdyr. Şeýle-de ýaşaýyş jaýlar toplumynyň ýanynda sport meýdançasy, şeýle hem çagalar üçin döwrebap oýun meýdançasy, dürli dabaralary, toýlary geçirmek üçin bassyrmalar gurlupdyr.

“Lebapgurluşyk” önümçilik birleşigi, “Şähergurluşyk we hyzmat” hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Demirbetonönümleri” hem-de “Demirbetonkonstruksiýa” kärhanalary bu gurluşyklaryň potratçylarydyr.

Toplumyň gurluşygyna “Zehinli ussa”, “Jöwher gala”, “Ýyndam gurluşyk”, “Dowamly nyşan”, “Asuda nesil”, “Saldamly goşant” we başgada birnäçe hususy kärhanalar hem gatnaşdylar.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde dört gatly täze ýaşaýyş jaýy açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerde açylan täze ýaşaýyş jaýy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleriniň maşgalalary üçin niýetlenendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022