Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyny belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyny belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ir bilen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halky duşenbe güni Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ir bilen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Bu ýerde geçirilen dabara “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň her ýylda geçirilýän dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkyna iberen gutlagynda bellenilýär.

Mundan başga-da, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

2022