Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri ýokary derejede geçiriljek üçtaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasynda sişenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gepleşik geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar üç döwletiň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşy, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji sammitine ýeterlik derejedäki hyzmatdaşlygyň tejribesi bilen gelendiklerini bellediler.
Şeýle hem üç ýurduň daşary işler ministrleri Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ykdysadyýetleri üçin strategik ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek barada birnäçe netijeli teklipleri beýan etdiler. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Duşuşykda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyk we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam eder.
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisi 14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.Duşuşygyň dowamynda söwda, energetika we ulag ulgamlarynda üç ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.