Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew sapar bilen Türkmenistana geldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew sapar bilen Türkmenistana geldi
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisine gatnaşmak üçin çarşenbe güni Türkmenbaşy şäherine geldi.

Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Mehriban Aliýewany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan üçtaraplaýyn mejlise gatnaşmak üçin sişenbe güni Türkmenbaşy şäherine geldi.

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisi çarşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Duşuşygyň dowamynda söwda, energetika we ulag ulgamlarynda üç ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

2022