Türkmenistan we Azerbaýjan energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Azerbaýjan energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekçi
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlary energiýa meselelerine üns çekip, häzirki zaman üstaşyr we ulag infrastrukturasyny döretmek barada pikir alyşdylar. (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew çarşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda energiýa howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew çarşenbe güni Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýle hem iki ýurduň Liderleri möhüm halkara meselelerinde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň garaýyşlarynyň umumydygyny bellediler.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlary energiýa meselelerine üns çekip, ägirt uly uglewodorod serişdeleri bolan goňşy ýurtlaryň amatly geografiki ýerleşişini göz öňünde tutup, häzirki zaman üstaşyr we ulag infrastrukturasyny döretmek barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar geçen ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjan hökümetleriniň arasynda gol çekilen Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça özara düşünişmek Ähtnamanyň wajypdygyny bellediler.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynyň özara hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlary bolup galjakdygyny belläp, Türkmenistanyň bu möhüm ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tekliplerini doly goldady.

Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

2022