Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe türkmen gazy boýunça iş toparyny dörederler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe türkmen gazy boýunça iş toparyny dörederler
Türkiýäniň Daşary işler ministri üç ýurduň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň sammitde ara alnyp maslahatlaşylan iň möhüm meseleleriň biri bolandygyny aýtdy.

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe türkmen gazyny beýleki ýurtlaryň bazarlaryna ibermek meselesi boýunça iş toparyny dörederler. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Awazada üç ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň netijeleri boýunça geçirlen metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, “Anadolu” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri üç ýurduň arasynda energiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň sammitde ara alnyp maslahatlaşylan iň möhüm meseleleriň biri bolandygyny aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly energiýa howpsuzlygy üçin çeşmeleri we ugurlary diwersifikasiýa etmegiň zerurlygyny belläp, bu ýagdaýyň Hazar sebitiniň energiýa çeşmelerini öňe çykarandygyny belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň we Azerbaýjanyň tebigy gazyny Günorta Kawkaz turbageçirijisiniň hem-de Trans-Anadoly tebigy gaz geçirijisiniň (TANAP) üsti bilen Ýewropa daşaýandygyny mälim aýtdy. Şeýle hem Mewlüt Çawuşogly üç ýurduň bähbidi üçin Türkiýäniň türkmen tebigy gazy boýunça bilelikdäki işleri geçirmäge taýýardygyny we bu mesele boýunça iş topary döretmek kararyna gelendiklerini mälim etdi.

Mundan başga-da Türkiýäniň Daşary işler ministri geçirilen sammitiň ahyrynda energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hökümetleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň iş toparynyň döredilmegi üçin zerur binýat boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň jemleri boýunça gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalara gol çekildi.

2022