Serdar Berdimuhamedow: Türkmen-azerbaýjan-türk gaz hyzmatdaşlygy ygtybarlylyk we howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: Türkmen-azerbaýjan-türk gaz hyzmatdaşlygy ygtybarlylyk we howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr
Ilham Aliýewiň we Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti üç ýurduň hem energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýändiklerini nygtady.

Tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermek boýunça hyzmatdaşlyk ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada çarşenbe güni geçirilen üç ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Ilham Aliýewiň we Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti üç ýurduň hem energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýändiklerini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet baştutanymyz öz çykyşynyň dowamynda gaz pudagyndaky üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň köptaraply bähbitleri hasaba almak bilen, bu ulgamlaryň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ülňülerine, ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydygyny belledi.

Üç ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň netijeleri boýunça geçirlen metbugat ýygnagynda Mewlüt Çawuşogly Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň türkmen gazyny beýleki ýurtlaryň bazarlaryna ibermek meselesi boýunça iş toparyny döretjekdiklerini mälim etdi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň jemleri boýunça gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalara gol çekildi.

2022