“Kerwenler” hususy kärhanasy ýakynda öndürýän dürli ölçegdäki we galyňlykdaky örtükleriniň (pokrywal) 120 müň inedördül metrini Azerbaýjana eksport etdi.
“Kerwenler” kärhanasy türkmen milli haly gölleri bilen bezeliş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan örtükleriň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän kärhananyň önümçilik desgasy ýüň egirme we dokma bölümlerinden ybarat.
Bu kärhananyň ýüň egirme bölüminde goýun ýüňünden ýüň ýüplükler we poliester garyndyly ýüň ýüplükler öndürilýär. Şeýle hem “Kerwenler” hususy kärhanasynda sap ýüňden türkmen halysynyň ýokary hilli ýüplüklerini öndürmek işleri hem alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu kärhananyň aýda onlarça tonna golaý ýüň ýüplük öndürmäge mümkinçiligi bar.
“Kerwenler” hususy kärhanasynyň dokma bölüminde kilim we örtgi önümleri, ýüňden we ýarym ýüňden ýorganlar taýýarlanylýar.
Mundan başga-da, “Kerwenler” kärhanasynyň öndüren önümleri Russiýa, Gazagystana we Özbegistana eksport edilýär.