Ilkinji Özbegistan-Ýewropa konteýner otlusy Türkmenistandan geçýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ilkinji Özbegistan-Ýewropa konteýner otlusy Türkmenistandan geçýär
Konteýner ýük otlusy 4000 kilometrden gowrak bolan Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Balgariýa/Ýewropa ugry boýunça hereket eder. (Surat: “Uzbekiston temir yullari” PJ)

Özbegistan-Ýewopa ugry boýunça ilkinji konteýner ýük otlusy Türkmenistanyň çägini öz içine alýan Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen anna güni ugradyldy. Bu barada “Uzbekiston temir yullari” PJ duşenbe güni habar berdi.

Bu ýük otlusy 46 wagondan we 91 sany 20-futlyk konteýnerden ybarat bolup, ol Almalyk magdan we metallurgiýa kombinatynda öndürilen mis konsentratyny Bolgariýanyň Burgas portuna daşar.

Konteýner ýük otlusy 4000 kilometrden gowrak bolan Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Bolgariýa/Ýewropa ugry boýunça hereket eder.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ugur boýunça otlynyň hereketi “Uzbekiston temir yullari” PJ tarapyndan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) AGPJ-niň, Azerbaýjanyň “ADY Konteýner” we Gruziýanyň “GR Logistics and Terminals” kompaniýalarynyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde gurnaldy.

Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi ýükleri Merkezi Aziýadan Ýewropa daşamak üçin döredildi. Ol Hytaý-Gazagystan serhedinden başlap, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä hem-de Ýewropa uzaýar. Onuň çäginde ýurtlary birleşdirýän demir we deňiz ýollar ulanylýar. 2017-nji ýylda işe girizilen bu geçelgäniň umumy uzynlygy 11 müň kilometre barabardyr.

2022