Russiýanyň demirýollary (RŽD) AGPJ Gazagystanly, Türkmenistanly we Eýranly hyzmatdaşlary bilen bilelikde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça konteýner daşamalaryna 2023-nji ýyl üçin ýeňillikli nyrhnamalary girizmek kararyna geldi. Bu barada RŽD-nyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.
Kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, RŽD eýýäm Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçýän konteýner daşamalaryna 20 göterim arzanladyş girizdi.
Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollary boýunça ýük daşamalara aşakdaky ýörite nyrhnamalar giriziler:
- 0,15 ABŞ dollary/TEU-km (konteýneriň sap agramy 24 tonna çenli)
- 0,18 ABŞ dollary/TEU-km (konteýneriň sap agramy 24 tonnadan ýokary bolsa)
- 0,24 ABŞ dollary/FEU-km
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryndan, soňra bolsa deňziň ugry boýunça Pars aýlagynyň we Günorta Aziýanyň ýurtlaryna uzap gidýär.
Deslapky çaklamalara görä, 2025-nji ýyla çenli Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan eksporta iberilýän önümleriň umumy mukdary ýylda 5 million tonnadan gowrak bolup biler.
RŽD iýul aýynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan Hindistana ilkinji konteýner otlularyny daşap başlady.