“Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynynyň 7-nji maddasyna laýyklykda telekeçi aşakdakylara borçludyr:
- hakyna durup işleýän adamlara döwletiň bellän iň pes möçberinden az bolmadyk derejede hak tölemäge;
- Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hakyna durup işleýän adamlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmaga;
- kärhananyn maliýe ýagdaýynyň nähilidigine garamazdan, hakyna tutulan ähli işgärler bilen doly hasaplaşyk geçirmäge;
- ulanylyp gelinýän düzgünleri we kadalary peýdalanyp, ekologiýa howpsuzlygyny, zähmeti goramagy, howpsuzlyk tehnikasyny, önümçilik gigienasyny we sanitariýasyny üpjün etmäge;
- alyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmäge, öndürilýän harytlaryň (ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň) hiliniň talaba laýyk bolmagyny üpjün etmäge;
- Türkmenistanyň çäginde amala aşyrmak üçin ygtyýarnama talap edilýän işleriň aýry-aýry görnüşleri üçin ygtyýarnamalary almaga;
- döwlet statistika edaralaryna we salgyt edarasyna zerur maglumaty bellenen tertipde öz wagtynda bermäge;
- algydarlaryň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirmek mümkün bolmadyk mahalynda kärhananyň batyp galanlygyny aýtmaga.
Çeşme: “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny