TDHÇMB-da çarşenbe güni $15,7 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni $15,7 milliondan gowrak geleşik baglaşyldy
Owganystanly we Türkiýeli işewürler umumy bahasy 1 million 299 müň ABŞ dollaryna barabar bolan suwuklandyrylan gazyň 3 müň tonnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda jemi bahasy 15 million 790 müň 600 ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzini, suwuklandyrylan gaz we tekiz boýalan hem-de tüýjümek žakkard önümleri satyldy.

Owganystanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 14 million 100 müň ABŞ dollaryna deň bolan ECO-93 görnüşli awtoulag benzininiň 20 müň tonnasyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan awtoulag benzininiň bir tonnasynyň bahasy 705 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Owganystanly we Türkiýeli işewürler umumy bahasy 1 million 299 müň ABŞ dollaryna barabar bolan suwuklandyrylan gazyň 3 müň tonnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar.

Mundan başga-da, BAE-den we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna bir kilogramynyň bahasy 5,5 ABŞ dollaryna deň bolan tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleriniň 71 müň 200 kilogramyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 391 müň 600 ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 33 million 727 müň 363 ABŞ dollaryna deň boldy.

2022