Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Arkadag şäheri diýip atlandyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Arkadag şäheri diýip atlandyryldy
Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyryldy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa çarşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda bu baradaky hoş habary mälim etdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy bu resminamanyň ýurdumyzyň welaýatlarynyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny we jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup taýýarlanylandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäherine geçirildi. Şeýle hem Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi. Mundan başga-da, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykaryldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmegi bellenildi.

Şeýle-de göçme mejlisiniň dowamynda Gülşat Mämmedowa Arkadag şäherindäki lukmançylyk, jemgyýetçilik, bilim we medeni edaralaryna at dakmak hakynda karar kabul edilendigini mälim etdi.

2022