Türkmenistan “Sumitomo” kompaniýasyndan 2110 sany ulag satyn alýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan “Sumitomo” kompaniýasyndan 2110 sany ulag satyn alýar
Türkmenistana getiriljek bu ulaglaryň 780-si ýeňil taksi awtoulagy we 1330-sy bolsa awtobusdyr. (Surat: sumitomocorp.com)

“Türkmenawtoulaglary” agentligi Ýaponiýanyň “Sumitomo” kompaniýasy bilen “Toyota” kysymly taksi awtoulaglaryň we awtobuslaryň 2110-syny satyn almak boýunça şertnamalary baglaşdy. Bu barada “Sumitomo” kompaniýasy resmi sahypasynda duşenbe güni mälim etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistana getiriljek bu ulaglaryň 780-si ýeňil taksi awtoulagy we 1330-sy bolsa awtobusdyr. Şertnamanyň jemi bahasy 115 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň iýul aýynda “Sumitomo” kompaniýasy bilen 860 ulaglary satyn almak üçin şertnama baglaşylypdy. Olaryň 469-sy şu ýylyň noýabr aýyna çenli gowşurylypdy diýip, kompaniýa resmi sahypasynda habar berdi. Soňra şu ýylyň noýabr aýynda 1250 sany ulaglary satyn almak boýunça goşmaça şertnama baglaşyldy.

“Sumitomo” kompaniýasy 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistana awtoulaglary getirmek we ýerleşdirmek bilen meşgullanýar.

2022